Wagyz – nesihat duşuşygy geçirildi
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygynyň hem-de
Täze ýyl baýramçylygynyň bellenilýän günlerinde 2025-nji ýylyň 15-nji
dekabrynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp
ýaşlarynyň arasynda sagdyn durmuş kadalaryny we milli ahlak ýörelgelerini
ýaýbaňlandyrmak, ýol hereketleriniň howpsuzlygyny berjaý etmek, ses beriji we
beýleki partlaýjy serişdeleriň ulanylmagynyň öňüni almak maksady bilen
Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň,
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň,
Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň, Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli Merkeziniň we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar
guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde geçirmeklerinde wagyz-nesihat duşuşygy
guraldy. Çykyşlarda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe
hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda
Döwletimiziň belent maksatlary bilen öňe barýarýandygy we ähli ulgamlar boýunça
ösüşli özgertmeleriň durmuşa geçirilýändigi barada, ynsan saglygy baradaky
aladanyň bolsa Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başda
durmaklarynda döwlet derejesinde hemişe üns merkezinde saklanýandygy barada
giňişleýin gürrüň edildi. Şeýle-de, ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, sagdyn
ruhly ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin janyňa howp salýan zyýanly serişdelerden,
partlaýjy maddalardan daşda durmaklarynyň we tertip-düzgün kadalaryny ýerine
ýetirmekleriniň ynsan saglygyny goramakdaky ähmiýetleri anyk mysallary bilen
täsirli düşündirildi.