Haýyr-sahawat dialogy

 

 I.Gandi
adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mejlisler zalynda, 2025-nji
ýylyň 9-njy noýabrynda Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç
çagalara hemaýat bermek boýunça gaznasynyň alyp barýan işleri barada  teleýaýlymynda görkezilen Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-Prezidenti Oguljahan Atabaýewa Hytaý
Halk Respublikasyna, Monaka Knýazlygyna, Özbegistan döwletine, Azerbeýjan
döwletine , Russiýa Federasiýasyna, Katar döwletine amala aşyran iş sapary
talyp ýaşlarymyzda uly gyzyklanma döretdi. 



    Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemýat bermek boýunça
gaznasynyň hasabyna 700 sany çaga çylşyrymly operasiýalaryň we 900 çaga bejeriş
işleriniň alnyp barlandygy we 150 sany inkluziwli çagalar baglarynyň hereket
edýändigi, şeýle-de şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga
mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça gaznasynyň döredilmegine 4ýyl bolandygy
barada duşuşyklarda içgin gürrüň edildi.



    Türkmen
wekilýeti ýokarda agzalan döwletleriň ylym-bilimde, saglygy goraýyşda,
medeniýet-sungatynda gazanylan üstünlikleri bilen tanyşdy, hem-de ýadygärlik
toplumlaryna we muzeýlere syýahat etdi.



    Hemişelik
Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllarynda, halkara gatnaşyklarynda ýetilen
sepgitler,   “Saglyk”  Döwlet maksatnamasynyň durmuşa
ornaşdyrmagynyň 30 ýylynda saglygy goraýyşda gazanylan üstünlikler babatda
Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek
boýunça gaznasynyň bejeriş işleri boýunça wise-Prezidenti Oguljahan
Atabaýewanyň geçiren ähli duşuşyklarynda, esasanam DOHA formunda eden täsirli
çuň manyly çykyşlary aýratyn bellärliklidir.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82