Okuw – usuly Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi


2024-nji ýylyň 30-njy martynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik başlangyçlary esasynda döredilen okuw – usuly Geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Gahryman Arkadagly Serdarymyzyň Ýaşlar barada  döwlet syýasaty hakynda Türkmenistanyň Kanunyndan  ugur alyp, ösüp gelýän ýaş nesle okatmagyň innowasion usullaryny peýdalanyp bilim bermek, ýaşlary watansöýüji, ahlakly, tutanýerli, zähmetsöýer ruhda terbiýelemek barada meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle-de mejlisiň barşynda orta hünär okuw mekdeplerinde bilimiň hilini ýokarlandyrmak, okatmagyň täze usullaryny durmuşa ornaşdyrmak meseleleri giňişleyin ara alnyp maslahatlaşyldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82