“Hemişelik Bitaraplyk - baky bagtymyz” atly ylmy-amaly maslahat
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
jemgyýetçilik guramalarynyň alyp barmagynda Halkara parahatçylyk we ynanyşmak
ýylynda Türkmenistan Watanymyzyň Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna eýe bolmagynyň
şanly 30 ýyllygy mynasybetli “Hemişelik Bitaraplyk-baky bagtymyz” atly
ylmy-amaly maslahat geçirildi. Maslahatda Türkmenistan döwletimiziň hemişelik
Bitaraplygy Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan ykrar edilen döwlet bolmak
bilen, parahatçylygyň, durnuklylygyň, özara düşünişmegiň işjeň tarapdary
hökmünde halkara giňişlikde möhüm orny eýeleýändigi, Bitaraplyk ýurdumyzyň
içeri we daşary syýasatynyň ähli ugurlaryndan eriş-argaç bolup geçýän esas
goýujy taglymatdygy çykyşlaryň üsti bilen beýan edildi. Şeýle-de çykyşlarda
BMG-nyň Baş Assembleýasy tarapyndan “Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygy” atly
Rezolýusiýasynyň 3 gezek kabul edilmegi barada giňişleýin gürrüň edildi.
Maslahatyň ahyrynda ýurdumyzyň halkara giňişliginde
hoşniýetli gatnaşyklary, parahatçylyk söýüjülikli syýasaty dabaralandyrýan
Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
janlary sag bolmagy, beýik işleri elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw edildi