“Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz, ynanyşmak, jebisleşmek berkararlyk şanymyz”
Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda,
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de “Saglyk” Döwlet Maksatnamasynyň
30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy
goraýyş we derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy,
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň
Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde Arkadag,
Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň
arasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň guramagynda
2025-nji ýylyň 25-nji noýabrynda
“Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz, ynanyşmak, jebisleşmek
berkararlyk şanymyz” ady bilen bilim bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň esasy maksady orta hünär okuw mekdepleriniň arasynda tejribe
alyşmak, işjeň gatnaşyklary ýola goýmak, zehinli talyplary ýüze
çykarmak, olaryň döredijilikli ukyplaryny kämilleşdirmek, şeýle hem ýaşlaryň
syýasat taýdan toplan bilim
derejeleri esasynda olary watançylyk
ruhunda terbiýelemekden we kämil
hünärmenler edip ýetişdirmekden ybarat.
Bäsleşikde talyplaryň
“Türkmenistanyň taryhy” dersine
degişlilikde we bitaraplyk syýasaty barada
giň gözýetimli bilimi şahsy esasda
hasaba alnyp I, II, III orunlar
kesgitlenildi.
Eýelän orny | Talybyň F.A.A.a | Orta hünär okuw mekdebiň |
I-nji orun
| Seýitkuliýewa Oguljeren | Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi |
II-nji orun | Hajygulyýewa Azatgül | Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebi |
III-nji orun | Altyýewa Gülnar | Ahal welaýat maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebi |
Amanowa Bägül | Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar | |
Annalyýewa Ogulsenem | Ahal welaýat ýörite sungat mekdebi | |
Baýramowa Aýjemal | Aşgabat şäherindäki Mehanika - tehnologiki orta hünär okuw mekdebi | |
Bäşimowa Şabibi | “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta | |
Çommadowa Zubeýda | I.Gandi adyndaky | |
Goşaýew Babaýar | Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi | |
Gurbanlyýewa Göwher | Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebi | |
Gylyjowa Aýnur | I.Gandi adyndaky | |
Merdanowa Göwher | Berdimuhamet Annaýew adyndaky | |
Mämiýewa Aýjeren | Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk | |
Şalmedowa Jahan | Türkmenistanyň Söwda we |
Ýeňijiler Türkmenistanyň Kärdeşler
arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň taýýarlan hormat
hatlary we ýörite
sowgatlary bilen sylaglanyldy.