“Türkmenistan – parahatlyk mekany, Bitaraplyk - Watan şöhraty-şany” ady bilen okuw-usuly maslahaty geçirildi.
“Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de “Saglyk”
Döwlet Maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli,
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we
derman senagaty ministrligi, Türkmenistanyň
Demokratik partiýasy, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli
merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi
bilen bilelikde Arkadag, Aşgabat
şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta
hünär okuw mekdepleriniň gatnaşmagynda, I.Gandi adyndaky
Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň guramagynda 2025-nji ýylyň 21-nji noýabrynda
Türkmenistanyň Jemgyýetçilik
guramalarynyň merkezinde umumy mežlisi we bölümlerde ugurlary boýunça “Türkmenistan – parahatlyk mekany,
Bitaraplyk - Watan şöhraty-şany” ady
bilen okuw-usuly maslahaty geçirildi. Maslahatyň çykyşlarynda bilimiň häzirki
zaman özgertmeleri, sanly ulgam we lukmançylyk ugurlarynda alnyp barylýan ylmy
barlaglarynyň nazary we amaly taýdan utgaşdyrylmagynda möhüm ähmiýetleri,
şeýle-de Gahryman Arkadagymyzyň
we hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň jöwher
paýhasyndan döredilen eserleri,
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň
syýasaty, 30 ýyl döwründe
bilimde, saglygy goraýyşda, ykdysadyýetde, syýahatçylykda, oba
hojalykda, medeniýet we sungatda
gazanylan üstünlikleri wasp edildi. Umumy mežlisinde orta hünär okuw mekdepleriniň
çeper höwesjeňleriniň aýdym-sazly baýramçylyk çykyşlary ýerine ýetirildi.
Maslahat hormatly Prezidentimize ýüzlenme çykyşy bilen jemlendi, onda Gahryman Arkadagymyzyň ýadawsyz
zähmeti bilen Berkarar bolan
Döwletimizde, Hormatly
Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dowam edýän
“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynyň bedew badynyň ýaş nesilleri
buýsandyrýandygy, eziz Watanymyzyň rowaçlyk ýolunda, ýaşlaryň ýurdumyzyň
abraýynyň mundan beýläkde ýokary
göterilmeginde goşant goşmaklyga borçlandyrýandygy barada aýdylyp,
Halkara derejede ähmiýetli we dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan ykrar edilen beýik
işleriň başynda durýan, ylmyň we tehnologiýalaryň gazananalaryny öňdebaryjy
dünýä tejribesine ornaşdyrmakda beýik işleri durmuşa geçirýän Gahryman alym
Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň
uzak bolmagy, giň tutumly beýik işleriniň mundan beýläk hem has-da rowaçlyklara
beslenmegi arzuw edildi.