I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi bilen ABŞ - nyň, Northwest Сollege arasynda Ähtnama gol çekildi
Türkmenistanyň öňdebaryjy ýokary we orta hünär mekdepleriniň wekilleriniň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna iş saparynyňçäklerinde 2025-nji ýylyň 20-nji
oktýabrynda, Waýoming ştatynyň Powell şäherindäki Northwest College bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk
orta okuw mekdebinde (Türkmenistan) orta saglygy goraýyş hünärmenleri
taýýarlamak, bilim we ylym çygrynda bilelikdäki
hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri barada degişli ýolbaşçylaryň arasynda
maslahatlaşyldy.
Şu iş sapary Türkmenistanyň Bilim ministrligi we ABŞ –nyň ilçihanasy tarapyndan halkara akademiki hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak
maksady bilen gurnaldy.
Duşuşygyň başynda Northwest College bilen I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň özara
düşünişmek hakynda Ähtnamasyna gol çekildi.
Gün tertibine
laýyklykda, bilim babatda alyş-çalyşlar, amaly-usulyýet hyzmatdaşlygy,
mugallymlaryň hünär derejesini ýokarlandyrmak, akademik we medeni başlangyçlar,
bilelikdäki taslamalary taýýarlamagy, kitaphananyň edebiýatlar bilen üpjünçiligi,
”Şepagatçylyk işi” hünäriniň okuw meýilnamasynyň kämilleşdirmekligi barada
maslahatlaşyldy we kollejiň binalary bilen tanyşdyryldy.
Taraplar 2026-2028-nji ýyllar üçin deslapky iş meýilnamada görkezilen
hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlary boýunça hem pikir alyşdylar.