Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň täze kitaplarynyň tanyşdyrylyş dabarasy
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly
Gahryman Serdarymyzyň saýasynda döwletimizde ilatymyzyň saglygyny goramak,
ýaşaýyş – durmuş şertlerini gowulandyrmak, saglygy goraýyş we derman senagaty
ulgamyny kämilleşdirmek babatda giň gerimli we tutumly işler amala aşyrylýar. Eziz
Diýarymyzda döwletimiziň bilim we ylym binýadyny pugtalandyrmaga, kämil
usullary ornaşdyrmaga gönükdirilen işler durmuşa geçirilýär. “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, “Saglyk Döwlet maksatnamasynyň 30 ýyllygy mynasybetli 2025-nji
ýylyň 10-njy oktýabrynda I.Gandi adyndaky Aşgabat
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlarynyň arasynda Gurbanguly
Berdimuhamedow tarapyndan dünýä jemgyýetçiligi üçin neşir edilen “Saglygy
goraýyşda ýetilen sepgitler” we “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň” XVII
tomunyň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.