Bilimler we talyp ýaşlar güni dabaraly bellenildi


2025-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda ähli bilim ojaklarynda
bolşy ýaly, biziň I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebimizde
hem Bilimler we talyp ýaşlar güni uly şatlyk- şowhun bilen bellenip geçildi. Şowhunly
dabara Döwlet Senasynyň ýaňlanmagy bilen badalga aldy. Soňra hormatly
Prezidentimiziň ýurdumyzyň mekdep okuwçylaryna, talyp ýaşlaryna, mugallymlaryna
we bilim işgärlerine iberen Gutlagynyň okalmagy hem dabara gatnaşyjylarda uly
täsir galdyrdy. Baýramçylyk dabaramyzda mekdebimiziň “Abadan” tans toparynyň
şeýle-de aýdymçy gyz-oglanlaryň ýerine ýetirmeklerinde aýdym sazly kompozisiýa,
Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininden, jöwher paýhasyndan dörän “Türkmenistan
– parahatçylygyň we ynanşmagyň Watany” atly ajaýyp goşgusynyň labyzly okalmagy
dabara özboluşly sazlaşyk berdi. Buýsançly çykyşlarda milli bilim ulgamyny
ösdürmekde ägirt uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly
Gahryman Serdarymyza tüýs yürekden alkyşlar aýdyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82