BIZE OKAMAGA GELIŇ!
“Umumy ideg işi” – sagdyn durmuş ýörelgesiniň gözbaşy!
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi “Umumy ideg işi” hünäri boýunça başlangyç lukmançylyk biliminiň eýesi bolmak üçin talyplyga kabul edýär. Resminamalar 2025-nji ýylyň 25-nji awgustyna çenli mekdebiň okuw binasynda kabul edilýär.
Bu hünärmenleri taýýarlamagyň maksady - raýatlaryň sagdyn çagalara, näsag adamlara, dowamly keselli näsaglara lukmançylyk nukdaý nazardan ideg etmek babatda sowatly, başarjaň bolmak, geljekki ene boljak zenany dogruma taýýarlamak, çaga dünýä ineninden soň, oňa idegi etmegi oňarmak we beýleki ýönekeý amallardan baş çykarmak babatda lukmançylyk başarnykly bolmaklaryny gazanmak we sagdyn durmuş ýörelgesini durmuşa ornaşdyrmak wezipelerinden ybaratdyr.
“Umumy ideg işi hünäri boýunça 1 (bir) ýyllyk okuwyny doly tamamlan uçurymlara başlangyç hünär bilimi hakynda döwlet nusgasyndaky diplom beriler.