Dalaşgärleriň dykgatyna!
I.GANDI ADYNDAKY AŞGABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI
Başlangyç hünär biliminiň gündizki okuwy boýunça 2025/ 2026 - njy okuw
ýylyna talyplyga kabul edişligini yglan edýär.
Hünäri : “Umumy ideg işi”
(kiçi şepagat uýasy)
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy doly orta bilimi bolan, ýaşy 35- den geçmedik, Aşgabat şäherinde ýaşaýan (ýazgyda duran) raýatlar giriş synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul edilýär.
Okuwyň dowamlylygy 1 (bir) ýyl, okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.
Resmi iş kagyzlary I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň 25–nji awgustyna çenli kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
- bilimi baradaky resminama ( asyl nusgasy);
- Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden ( işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3х4 sm ölçegdäki dokuz sany fotosurat;
- işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
- pasportyny;
- harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri
boýunça harby wekillikden güwä hatyny;
- aýratynlyklaryna laýyklykda goşmaça resminamalar.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär.
Giriş synaglary 2025–nji ýylyň 26-28-nji awgusty aralygynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde ( Aşgabat şäherinde) geçiriler.
Giriş synaglary himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden, umumy bilim berýän orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet dilinde geçiriler.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenen wagtynda synaglara gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Okuwlar 2025 – nji ýylyň 1- nji sentýabrynda başlanar.
Bellik: okuwyny doly geçip, gutardyş döwlet synaglaryny üstünlikli tabşyran uçurymlara, okuwyny tamamlan ýyly, Başlangyç hünar bilimi hakynda diplomynyň asyl nusgasy beriler.
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy:
Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.