“Temmäki önümleriniň adam bedenine ýetirýän zyýanly täsiri”
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalarynyň Türkmenistanyň Saglygy Goraýyş we Derman Senagaty
ministrliginiň Saglygy
goraýşyň habarlar merkezi
bilen bilelikde 2025-nji ýylyň 14-nji
maýynda talyp ýaşlaryň
arasynda “Temmäki önümleriniň
adam bedenine ýetirýän zyýanly täsiri” ady bilen
wagyz - nesihat çäresi geçirildi.
Çärede şahsy gigiýenanyň talaplaryny berjaý
etmek, sagdyn durmuş
ýörelgelerini alyp barmak, zyýanly endiklerden
daşda durmak barada gürrüň
edildi.
Çäräniň ahyrynda ýaş nesliň bagtyýar durmuşy we nurana geljegi
barada çuňňur aladalanýan
Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman
Serdarmyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň
uzak, il-ýurt bähbitli tutumly işleriniň
rowaç bolmagy arzuw edildi.