Orta hünär okuw mekdeplerinde okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň taýýarlanylyşy


“Okuw kitaplaryny we okuw-usuly gollanmalaryny neşir etmegiň
nobatyny tertipleşdirmek hakynda” Bilim ministrliginiň 2024-nji ýylyň
 20-nji  martyndaky 98 
belgili buýrugyny ýerine ýetirmegi we OHOM-de okuw kitaplaryny  we okuw-usuly gollanmalary taýýarlamagy barada
Arkadag,
  Aşgabat  şäherleriniň we  Ahal 
welaýatynyň  orta  hünär 
okuw  mekdepleriniň  jemgyýetçilik 
başlangyçlary  esasynda  döredilen okuw-usuly  geňeşiniň 
2025-nji  ýylynyň Meýilnamasyna
laýyklykda,
  16-njy maýynda nobatdaky mejlisi
geçirildi.

Okuw kitaplaryň we okuw-usuly gollanmalaryň neşire
taýýarlanylyşynyň talaplary, soňky 
ýyllarda çap edilen, çapa tabşyrylan  we häzirki wagtda taýýarlanýan okuw kitaplar
we okuw-usuly gollanmalar barada öz prezentasiýasy bilen I.Gandi adyndaky
Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň direktory çykyş etdi.

Çykyşda Türkmenistanyň
ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde taýýarlanýan okuw kitaplaryny we okuw-usuly
gollanmalaryny neşir etmegiň nobatyny kesgitlemegiň tertibi,  neşirleri çap edilmeginiň talaplary barada
beýan edildi. Anyk mysallara esaslanyp, çapa hödürlenýän kitaplara we okuw
– usuly gollanmalara  degişli resminamalaryň
 (kitabyň ýazylyşyna,  onuň gurluşyna, synlaryň  many-mazmunyna  bildirilýän talaplar,  OHOM-ň usuly 
geňeşiniň göçürmesi we ş.m.) nusgalary görkezildi we  hil taýdan talaba  laýyk bolmaklary  barada bellenildi.

Şeýle-de, okuw kitaplaryň we 
okuw-usuly gollanmalaryň çap edilmeginiň meýilnamasynyň ýerine
ýetirilmegi,  her okuw jaýynyň ýolbaşçysy
tarapyndan  berk gözegçilige alynmagy we kitaplary
 taýýarlaýan mugallymlardan yzgiderli hasabatlary alyp  durulmagy 
barada netijä gelindi.

I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw
mekdebiniň mysalynda çap edilen, çapa
taýýarlanan we tamamlanýan  kitaplaryň
nusgalary  bilen tanyşdyryldy. 









Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82