“Mertler Watany Beýgeldýär”


I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalary tarapyndan 2025-njy ýylyň 5-njy maýynda 1941 — 1945-nji ýyllaryň Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň  80 ýyllygyna  bagyşlanyp “Mertler Watany Beýgeldýär” ady bilen dabaraly aýdym-sazly çäre geçirildi. Türkmen halky Ýeňişe uly goşant goşdy. Gazaply uruş ýyllary Türkmenistanly esgerleriň müňlerçesi beýleki halklaryň wekilleri bilen, janyny aýaman söweş meýdanlarynda edermenlik we gahrymançylyk görkezdiler. Näçe ýyl geçendigine garamazdan, biz hemişe uruş weteranlarynyň öňünde borçludyrys. Ýeňiş güni biziň her birimiziň ruhy dünäýämize gönükdirilen özboluşly çagyryşdyr. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyz we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ata Watanymyzy döş gerip goran gerçekleriň gahrymançylykly söweş menzilleri, olaryň yzynda galanlaryň çeken zähmet ýollary ýatlanylýar, sarpalanylýar. Watana wepaly gulluk etmegiň nusgasyny görkezen uruş we zähmet gahrymanlary, Watanymyzyň azatlygyny we garaşsyzlygyny goran gaýduwsyz ata-babalarymyzyň şan-şöhratyny mähriban halkymyzyň taryhyna altyn harplar bilen ýazyldy we Milli Gahrymanlarymyzyň atlary «Hatyra» hem-de «Şöhrat» neşirlerinde ebedileşdirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82