“Parahatçylyk –köňülleriň senasy”
Aşgabat şäher medeniýet müdürliginiň Merkezleşdirilen kitaphanalar
ulgamyň Magtymguly adyndaky merkezi kitaphana hem-de I.Gandi adyndaky Aşgabat
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak” ýyly mynasybetli 2025-nji ýylyň
23-nji aprelinde “Parahatçylyk
–köňülleriň senasy” ady bilen wagyz-nesihat çeresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde kitaphana işgärleri, täze ýylyň jemgyýetimiz, döwletimiz üçin
belent sepgitleriň, örän uly taryhy ösüşleriň ýyly boljakdygyna ynanýan halkymyz
2025-nji ýyly ≪Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly≫ diýip atlandyrylmagyna ýürekden buýsanýar.
Bu şygar eziz Diýarymyzyň agzybirlik, parahatçylyk hem-de ynanyşmak arkaly
belent sepgitleri, beýik ösüşleri gazanýandygyny şöhlelendirýär, diýip belläp geçdiler.
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň,
Gahryman Arkadagymyzyň dünýä ýüzüni parahatçylyga, asuda-abadan durmuşa çagyryşy-asyrlara,
nesillere serpaýdyr. Türkmen topragynda, bütin dünýäde hemişe parahatçylyk,
birek- birege ynam höküm sürsün!