“Ýylyň şygary – üstünlikleriň badalgasy”
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň Jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylygynda “Ýylyň şygary – üstünlikleriň badalgasy” ady bilen 2025-nji ýylyň 18-nji aprelinde döredijilik bilen meşgul bolýan ýazyjy şahyrlaryň gatnaşmaklarynda wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň maksady Türkmenistanyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylyklarynda toýdur-baýramlara beslenýän ýurdumyzda halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin alnyp barylýan ynsanperwer syýasatlaryndan ugur alyp, ýaşlaryň watançylyk duýgularyny ösdürmek, milli buýsançlaryny kemala getirmekden ybarat.
Duşuşykda hormatly myhmanlaryň türkmeniň milli ýörelgelerine laýyk gelýän terbiýeçilik ähmiýetli söhbetleri we bagtyýar döwrümiziň waspyny ýetirip düzen şygyrlary diňlenildi.
Çäräniň ahyrynda türkmeniň döwletlilik ýörelgelerini üpjün etmekde we ýaş nesilleri döwrebap terbiýeläp ýetişdirmekde halkymyzy bezeýän edep mekdebi bolan ýaşuly nesilleriň mynasyp ornunyň bardygy bellenildi we lukmançylyk mekdebiniň talyplarynyň ata Watanymyza, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyza wepaly nesiller bolmagy barada ýürek buýsançlaryny beýan etmekleri bilen jemlenildi.