Mugallymlarynyň nobatdaky hünärini ýokarlandyrmak maksady bilen hünär synagy geçirildi.


Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň buýrugy esasynda, 2025-nji ýylyň 23-nji martyndan 4-nji apreli aralygynda I.Gandi adyndaky  Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde, 2022-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda Bilim ministrligi we 2022-nji ýylyň 23-nji fewralynda Türkmenistanyň  Adalat  ministrligi  tarapyndan  tassyklanan “Türkmenistanyň orta hünär bilimi edaralarynyň pedagogik işgärleriniň hünär synagyny geçirmegiň we hünär derejelerini ýokarlandymagyň Tertibi” boýunça nobatdaky hünär synagy geçirildi.
Synag toparynyň agzalary hökmünde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we  Türkmenistanyň M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň wekilleri gatnaşdylar.
Hünär synagynyň netijelerine görä I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlaryna: ýokary, birinji, ikinji hünär derejeleri we eýeleýän wezipelerine  laýyklylygy kesgitlenildi.    

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82