“Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur!”
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy hem-de 2025-nji ýylyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Hoşniýetli dost ili – biziň eziz ilimiz, Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz” şygary bilen Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň we Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde “Sport dostluga, saglyga we gözellige tarap ýoldur!” ady bilen 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinde Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda şaşka we düzzüm (oglanlar we gyzlar aýratynlykda) oýny boýunça ýaryş geçirildi.Ýaryşa jogapkärçilik eden we gurnan Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty we I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi.
Emin agzalarynyň bir agyzdan makullamagy netijesinde aşakdaky baýrakly orunlar kesgitlenildi:
Şaşka oýny boýunça
1-nji orna Aşgabat şäherindäki agrosenagat orta hünär okuw mekdebi
2-nji orna Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebi
3-nji orna I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi mynasyp boldular.
Düzzüm oýny boýunça
1-nji orna Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebi
2-nji orna Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky Ulag we kommunikasiýalar agentliginiň “Türkmenaragatnaşyk” agentliginiň Politehniki orta hünär okuw mekdebi we
3-nji orna I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi mynasyp boldular.
Ýeňijiler Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy.