Halkara zenenlar güni mynasybetli pul sowgadyny gowşurmak dabarasy
Türkmenistanyň Prezidentiniň 2025-nji ýylyň 21-nji fewralynda çykaran PB-1125 buýrugyna laýyklykda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň gülläp ösmeginde we özgertmeleri amala aşyrmakda zenanlarmyzyň bitirýän uly hyzmatlaryny, Watanymyza wepaly, sagdyn we ruhubelent nesilleri terbiýeläp ýetişdirýändiklerini nazara alyp, şeýle hem ata-babalarmyzyň mähriban enelermize we eziz uýalarmyza hormat goýmak barada asylly däplerini dowam etdirmek hem-de “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň Prezidentiniň kararyna laýyklykda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde 04.03.2025-nji ýylda zenan mugallymlara we talyp gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi. Zenanlaryň we talyp gelin-gyzlaryň ýüzlerinde nurly ýylgyryşlarda zamananyň gül keşbi öwşün atýar. Bu bolsa şanly ýylmyzyň şygary bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.
Dabaranyň ahyrynda gatnaşyjylar ak saçly enelermize, öý-ojagyň bezegi zenalarmyza şeýle hormat goýýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar. Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, tutumly işleriniň hemişe rowaç bolmagyny arzuw etdiler.