“Talyp gözeli - 2025”


 Hormatly Prezidentimiziň talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan, berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda 2025-nji ýylyň 26-njy fewralynda Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we Halkara Zenanlar güni mynasybetli,  Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň, Türkmenistanyň Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň we I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň bilelikde gurnamagynda “Milliligim-buýsanjym, başlara göwher täjim” atly “Talyp gözeli - 2025”  edebi-döredijilik bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigi geçirmegiň esasy maksady Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak” ýylynda Türkmenistanyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň we hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamaklary üçin alyp barýan ynsanperwer syýasatyndan ugur alyp, mähriban enelerimize, gyz-gelinlerimize hormat goýmagyň ajaýyp nusgasyny görkezmek we gyzlarymyzyň milletimize mahsus bolan asyllylygyny, buýsançlylygyny, el hünärlerini we milli lybas geýinmek sungatyny äşgär etmekden ybarat. 
 Bäsleşige gatnaşyjylyr bäsleşigiň ahyrynda Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, alyp barýan tutumly işleriniň elmydama rowaçlyklara beslenmegi arzuw etdiler.
        Emin agzalarynyň bir agyzdan makullamagy netijesinde aşakdaky baýrakly orunlar kesgitlenildi: Baş baýraga I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyby Hydyrowa Käbe mynasyp boldy. 1-nji orna Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň Neşirýat-çaphana orta hünär okuw mekdebiniň talyby Kakabaýewa Aýsoltan mynasyp boldy. 2-nji orunlara Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň talyby Täçmämmedowa Nurjemal we Türkmenistanyň Gahrymany Atamyrat Nyýazow adyndaky Ýöriteleşdirilen bank mekdebiniň talyby Täjiýewa Jemal mynasyp boldular. 3-nji orunlara Türkmen döwlet medeniýet we sungat mekdebiniň talyby Nazarowa Aknur, Ahal welaýat ýörite sungat mekdebiniň talybyNuryýewa Ogulboldy hem-de Aşgabat şäherindäki syýahatçylyk orta hünär okuw mekdebiniň talyby Döwletgeldiýewa Hurma mynasyp boldular. Ýeňijiler Hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanyldy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82