“Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň üstünlikleri.


Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda “Saglyk” Döwlet maksatnamasyny durmuşa ornaşdyrmakda ýetilen belent sepgitler we gazanylan üstünlikleriň we ileri tutulýan ugurlaryň konsepsiýasyna laýyklykda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň sirk sungatyna degişli halkara ýaryşlarynda gazanan üstünlikleri dogrusynda, 2025-nji ýylyň 10-njy fewralynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş işgärleriniň Kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň bilelikde guramagynda “Waspyň sena boldy dillerde, bedew” atly maslahat geçirildi.
Maslahatda çykyş edenler  Ahalteke bedewleriň waspçysy, olar baradaky kitaplaryň awtory, tejribeli we ussat çapyksuwar Gahryman Arkadagymyzyň maksada okgunly, döredijilikli işi arassa ganly behişdi bedewleriň tohumynyň diklemegine, aýawly saklanylmagyna hem-de ösdürilmegine, döwrebap ugurdaş düzümiň kemala gelmegine, at üstündäki milli oýunlary atly sportuň görnüşlerini wagyz etmäge ýardam berýändigi barada,   “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň Monte Karloda geçirilen 47-nji halkara sirk sungaty festiwalynda gazan beýik ýeňişleri, Altyn baýragy, türkmen ýigitleriň çalasynlygy at üstünäki oýunlary barada giňişleýiň gürrüň etdiler. Ýurdumyzyň ýaşyl Tuguny belende göterýän, döwletimiziň nurana gelejegi hasaplanýan gujurly, dörediji ýaşlar bolsa pähimdar ata-babalarymyzyň nusgalyk mekdebnine eýerip, her bir işde Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda atçylyk sungatyny netijeli dowam etdirýärler. Maslahatyň ahyrynda bu beýik işler bilen aýdyň geljegimizi dabaralandyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň  janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny tüýs ýürekden arzuw etdiler.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82