Halk saglygy bagt baýlygy


Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahaty, Bagtyýarlyk etrap häkimligi, Bagtyýarlyk etrap kazyýeti hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda 2025-nji ýyl “Halkara Parahatçylyk we ynanşmak” ýylynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe: Hormatly Prezidentimiziň “Agzybirligiň bar ýerinde ýetilmejek sepgit ýokdur” – diýen jümlelerinden ugur alyp ýaşlary ylymly we bilimli bolup, zyýanly endiklerden daşda durmaklaryny gazanmak we  olaryň hukuk düşünjelerini has-da kämilleşdirmek maksady bilen  2025-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň talyp ýaşlaryň arasynda “Halk saglygy bagt baýlygy” ady bilen wagyz – nesihat duşuşygy geçrildi.
Duşuşykda çykyş edenler: Bagtyýarlyk etrap kazyýetiniň kazysynyň kömekçisi: Öwzgeldi Atageldiýew; Bagtyýarlyk etrap Halk Maslahatynyň agzasy: Döwran Myradow; Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Bagtyýarlyk etrap Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň Baş hünärmeni: Altyn Durdyýewa
Çykyş edenler ynsan saglygyny gorap saklamakda zyýanly endiklerden daşda durmak barada giňişleýiň gürrüň etdiler. Çykyşlaryň çäklerinde, gy-gelinleriň milliligmize mahsus bolan edep-ahlak kadalaryny ýerine ýetirmekleriniň talaplary düşündirildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82