“Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň wysaly”


2024 - 2025-nji okuw ýylynyň meýilnamasyna laýyklykda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” barada we  Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik söz ussady Magtymguly Pyragynyň hormatyna jöwher paýhasy bilen ýazyp beýan edip,  türkmen halkyna sowgat beren “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly kitabynyň ähmiýeti barada, hemişelik Bitaraplygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramynyň bellenjek ýyly barada, şeýle-de ýurdumyzyň bilim, saglyk ulgamynda ýetilen sepgitler we alnyp barylýan işler dogrusynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň mugallymlary tegelek stoluň başynda 22.01.2025-nji ýylda Türkmenistanyň “Ýaşlyk” teleýaýlymynda öz ýürek buýsanjyny beýan etdiler.
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy esasynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» atly Kararnamany kabul etdilendigi, bu kararnamadan gelip çykşy ýaly 2025-nji ýyl “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilendigi barada aýdyldy. Täze taryhy döwürde döwletimiziň dünýädäki ornuny has-da berkitmek, halkara hyzmatdaşlyk, ynanyşmak we dostluk ýörelgelerine esaslanýan içeri we daşary syýasatyny, umumadamzat bähbitli halkara başlangyçlaryny giňden wagyz etmek hem-de dünýä ýaýmak, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllygyny we halkymyzyň gadymdan gelýän parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik we myhmansöýerlik däplerini Ýer ýüzünde şöhratlandyrmak, raýatlarymyzyň watançylyk ruhuny has-da belende götermek, ýaş nesli Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistana uly buýsanç, çäksiz söýgi we wepalylyk ruhunda terbiýelemekde uly ähmiýetiniň bardygy barada  belläp geçildi. 
Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň “Magtymguly dünýäniň akyldary” atly kitabynyň terbiýeçilik ähmiýeti barada giňişleýiň söhbet edildi. “Pähim - paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary bilen geçen ýylda Gündogaryň beýik akyldarynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli geçirilen çäreleriň many - mazmuny we ýaşlary watançylyk ruhunda terbiýelemekde ähmiýeti bellenildi. Ylym - bilim we saglyk ulgamynda ýetilen sepgitler we alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin aýdyldy.
Ýazga  I.Gandi  adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň   mugallymlary gatnaşdylar:  
Gubyýewa Mahym Ýaňybaýewna
Gurbanmyradowa Aýmaral Akmyradowna
Tahyrowa Maýsa Bazaramanowna
Orazowa Şemşat Abdybaýewna

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82