Barbara Aýgneriň I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine sapary
2023 – nji ýylyň noýabr aýynyň 16 – na Germaniýa Federatiw döwletiniň Gýunsburg saherinin ,,Fizioterapewtleriň Ýöritelesdirlen mekdebiniň“ direktory Barbara Aýgner I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň “Dikeldiş işi we bejeriş bedenterbiýe” dersinden “Fizioterapýa we dikeldiş işi” (fizioterapewt dikeldiji) hünäriniň 3-nji ýyl talyplarynda “Insult geçiren näsaglarda dikeldiş çäreleriniň geçirilişi” temadan umumy we amaly sapaklaryna gatnaşdy. Umumy sapagy häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, multimediýa enjamlary we innowasion serişdeleri ulanmakda mekdebimiziň okuw otagynda we amaly sapak “Berzeňňi” şypahanasynda ýerleşýan okuw otagynda geçirildi. Amaly sapagyň dowamynda myhman insult geçiren näsaglarda dikeldiş çäreleriniň geçirilişi babatynda tejribe alyşdy, talyplar bilen gürrüňdeşlik geçirip ýuze çykan soraglara jogap berdi.