Lukmançylyk hünär orta okuw mekdepleriň arasynda usuly maslahat


Talyp ýaşlara berilýän bilimi özleşdirmegiň täze usullaryny we tehnologiýalaryny okuw prosesine ornaşdyrmak we lukmançylyk orta okuw mekdeplerinde alnyp barylýan okuw – usuly işlerini özara seljermek, tejribe alyşmak we bir kysyma getirmek maksady bilen, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda, 2025-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda usuly maslahaty geçirildi. 
Lukmançylyk orta okuw mekdeplerinde ýaş hünärmenleri dünýä ülňülerine laýyklykda taýýarlamak, milli bilimiň we lukmançylygyň gazananlaryny okuw prossesine ornaşdyrmak babatda pikir alyşyldy we gün tertibiniň soraglary boýunça ähli lukmançylyk mekdepleriniň çykyşlary diňlenildi:
  1. Bitaraplygyň we “Saglyk” döwlet maksatnamanyň 30 ýyllyklary mynasybetli, döwlet derejesinde geçiriljek- Lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň bäsleşigini  ara alyp maslahatlaşmak. (I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň  prezentasiýasy).
  2. Lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň nobatdaky hünär synagyna taýýarlygy barada. (I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň  prezentasiýasy).
  3. Okatmagyň innowasion usullaryny okuw prosesine ornaşdyrmak, talyplara  berilýän bilimi özleşdirmek tejribesi. (Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň  prezentasiýasy).
  4. Halypaçylyk işini kämilleşdirmek we onuň hil taýdan ýokarlandyrmak babatda  wezipeler. (Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň çykyşy).
  5. Hünäre ugrukdyrmak usulyýetini kämilleşdirmek we döwrebaplaşdyrmak. (Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň çykyşy).
  6. Okuw meýilnamalary döwrebaplaşdyrmak we täze  hünärleri girizmek. (S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebiniň  çykyşy).
  7. Reýting bahalandyrmany durmuşa ornaşdyrmak babatda tejribe alyşmak. (Balkan  lukmançylyk orta okuw mekdebiniň çykyşy).
  8. Kliniki dersleriň özleşdirilmeginiň usulyýetini kämilleşdirmek. 
(Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebiniň çykyşy).

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82