Türkmenistan «John Deere» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy


Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda türkmen-amerikan forumynyň çäklerinde Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow bilen «John Deere» kompaniýasynyň GDA ýurtlary boýunça wise-prezidenti Piter Sasekiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada HHM habar berýär.
Duşuşykda Türkmenistan bilen oba hojalyk tehnikalaryny öndürmekde dünýäde öňdebaryjylaryň biri bolan ABŞ-nyň «John Deere» kompaniýasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar Türkmenistanyň oba hojalyk toplumy üçin ýokary hilli enjamlar we tehnologiýalar bilen üpjünçiligiň gerimini giňeltmek, şeýle-de bu pudaga innowasion çözgütleri ornaşdyrmak barada pikir alyşdylar.
Piter Sasek Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, iki tarap üçin hem özara peýdaly hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýete eýedigine ünsi çekdi. Wise-premýer B.Annamämmedow hem öz gezeginde Türkmenistanda oba hojalygynyň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin häzirki zaman enjamlary we tehnologiýalary bilen üpjünçiligini giňeltmäge gyzyklanma bildirdi.
Mundan başga-da, duşuşygyň dowamynda oba hojalygy pudagynda bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmek, şeýle-de hünärmenleri taýýarlamak we olaryň hünär başarnyklaryny kämilleşdirmek mümkinçiligi boýunça anyk ädimler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82