Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr

2024 ýylyň 6-njy dekabrynda   Aşgabat şäheriniň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Bitaraplyk, doganlyk – saýlan aýdyň ýolumyz! Bitewüdir asman-Ýer, bitewi ykbalymyz” şygary bilen Türkmenistanyň Bilim ministirligi, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministirligi, Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkezi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi bilen bilelikde geçirilýän “Sport gujur-gaýratyň, gözelligiň we sagdynlygyň gözbaşydyr” ady bilen geçirilýän sport ýaryşyna  ähli hünär okuw mekdepleri gatnaşdylar we baýrakly orunlara mynasyp boldylar. Ýaryşyň netijesi:

1-nji orun “Şaşka” oýny boýunça- I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyplary  Rahmanow Maksat, Berdinazarowa Jennet
3-nji orun “Düzzüm” oýny boýunça -I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 2-nji ýyl talyplary Kakalyýew Daýanç, Orazdurdyýewa Selbi 2-nji ýyl talyp
3-nji orun “Küşt” oýny boýunça-I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň 1-nji ýyl talyplary Orazow Ibraýym, Baýsähedowa Ýasemin

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82