Ussat gören şägirt her ädimde ýorgalar
2022 – nji ýylyň 17-18 - nji martynda
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky
Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan tassyklanan Türkmenistanyň orta
hünär we hünär-tehniki okuw mekdepleriniň talyp oglanlarynyň arasynda “Ussat
gören şägirt her ädimde ýorgalar” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta
okuw mekdebiniň “Bejeriş işi” hünäriniň I ýyl talyby Jemşit Gurbanow bäsleşige
agaç ussasy (neçjarçylyk) ugry boýunça öz işlerini hödürledi we üstünlikli
çykyş etdi.
Bäsleşigiň
agaç ussasy (neçjarçylyk) ugry boýunça I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk
orta okuw mekdebiniň “Bejeriş işi” hünäriniň I ýyl talyby Jemşit Gurbanow III
orna mynasyp boldy. Ol III derejeli diplom hem-de gymmat bahaly sowgatlar bilen
sylaglandy.