INDIRA GANDI ADYNDAKY AŞGABAT LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI
Başlangyç
hünär biliminiň gündizki okuwy boýunça
2025/ 2026 – njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünär
boýunça talyplyga kabul edýär.
Hünäri : “Umumy
ideg işi”
(kiçi
şepagat uýasy)
I.Gandi
adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta
okuw mekdebine Türkmenistanyň umumy doly
orta bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik,
Aşgabat şäherinde ýaşaýan (ýazgyda duran) raýatlar giriş
synaglarynyň netijeleri boýunça okuwa kabul
edilýär.
Okuwyň
dowamlylygy 1 (bir) ýyl, okuwlar tölegli esasda alnyp
barylýar.
Resmi
iş kagyzlary I.Gandi
adyndaky Aşgabat lukmançylyk
orta okuw mekdebinde 2025-nji ýylyň
25–nji awgustyna çenli kabul edilýär.
Resmi
iş kagyzlarynyň sanawy:
- bellenilen
nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
- bellenilen
nusgadaky sowalnama (anketa);
- bilimi
baradaky resminama ( asyl nusgasy);
- Türkmenistanyň
Saglygy goraýyş we derman senagaty
ministrligi tarapyndan
bellenilen
nusgadaky saglyk kepilnamasy;
- soňky okan ýerinden
( işlän ýerinden, harby bölümden) häsiýetnama;
- 3х4 sm
ölçegdäki dokuz sany fotosurat;
- işleýänler
üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
Bulardan
başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler
ýokarda görkezilen
resminamalar bilen
birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna
aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny
tabşyrýarlar:
- pasportyny;
- harby
şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we
ýaşaýan ýeri
boýunça
harby wekillikden güwä hatyny;
-
aýratynlyklaryna laýyklykda goşmaça
resminamalar.
Nädogry
berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary
üçin dalaşgär şahsy
jogapkärçiligi çekýär.
Giriş
synaglary 2025–nji ýylyň 26-28-nji awgusty aralygynda, I.Gandi
adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta
okuw mekdebinde ( Aşgabat şäherinde) geçiriler.
Giriş
synaglary himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy
derslerinden, umumy bilim berýän orta
mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda, döwlet
dilinde geçiriler.
Giriş
synaglarynyň tertibinde bellenen wagtynda synaglara gelip bilmedikler
ýa-da okuw dersleriniň biri
boýunça synagdan geçip bilmedikler soňky
synaglara goýberilmeýär.
Okuwlar
2025 – nji ýylyň 1-
nji sentýabrynda başlanar.
Bellik:
okuwyny doly geçip, gutardyş döwlet synaglaryny
üstünlikli tabşyran uçurymlara, okuwyny tamamlan ýyly,
Başlangyç hünar bilimi hakynda
diplomynyň asyl nusgasy beriler.
I.Gandi
adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň
salgysy:
Aşgabat
ş., 2023-nji (M.Kösäýew)
köçe, 90; tel.: 36-96-73,
36-93-82.