Başlangyç hünär biliminiň gündizki okuwy
INDIRA GANDI ADYNDAKY AŞGABAT
LUKMANÇYLYK ORTA OKUW MEKDEBI
2025/2026-njy okuw ýyly üçin aşakdaky hünärler boýunça
talyplyga kabul edýär:
I. Býujet esasynda:
1. Şepagatçylyk işi.
2. Laboratoriýa anyklaýyş işi.
II. Tölegli esasda:
1. Şepagatçylyk işi.
2. Bejeriş işi.
Lukmançylyk orta okuw mekdebine Aşgabat şäherinde hemişelik ýaşaýan Türkmenistanyň umumy orta bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan, ýaşy 35-den geçmedik raýatlary giriş synaglarynyň netijeleri boýunça, bäsleşik esasynda okuwa kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlary Aşgabat şäherinde 2025-nji ýylyň 14-27-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.
Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:
— bellenilen nusgada direktoryň adyna ýazylan arza;
— bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);
— bilimi baradaky resminama (asyl nusgasy);
— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy;
— soňky okan (işlän) ýerinden, harby bölümden häsiýetnama;
— 3x4 sm ölçegdäki sekiz sany fotosurat;
— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň tassyklanan göçürmesi;
— okuw dersleri boýunça mekdep okuwçylarynyň döwlet bäsleşiginiň ýeňijileri, halkara bäsleşiklere gatnaşan Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň agzalary, şol ýagdaýlary tassyklaýan degişli resminamanyň asyl nusgasyny tabşyrýar.
Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görkezilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:
— pasportyny;
— harby şahadatnamasyny ýa-da harby hasaba goýlandygy hakynda şahadatnamasyny.
Dalaşgär bäsleşiksiz we (ýa-da) okuwa kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan peýdalanýandygyny tassyklaýan beýleki resminamalary görkezip biler.
Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçiligi çekýär.
Giriş synaglary we okuwa kabul edişligi 2025-nji ýylyň 30-31-nji iýuly,awgustyň 2-3-i we 5-i günlerinde Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde (Aşgabat şäheri) amala aşyrylýar.
Giriş synaglary ähli hünärler boýunça himiýa, biologiýa, Türkmenistanyň taryhy derslerinden geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary Türkmenistanyň orta mekdepleriniň okuw maksatnamalarynyň esasynda geçirilýär.
Okuw dersleri boýunça giriş synaglary döwlet dilinde dilden geçirilýär.
Saýlap alan hünärine durnuklydygyny kesgitlemek maksady bilen, dalaşgärler patologoanatomiki edaranyň işi bilen tanyşdyrylar.
Giriş synaglarynyň tertibinde bellenilen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelip bilmedikler ýa-da okuw dersleriniň biri boýunça synaglardan geçip bilmedikler soňky synaglara goýberilmeýär.
Giriş synaglaryndan üstünlikli geçen dalaşgärler, talyplyga bäsleşiksiz kabul edilmek üçin, «Bilim hakynda» Türkmenistanyň Kanunynda (rejelenen görnüşi) kesgitlenen düzgünlere laýyklykda artykmaç hukukdan peýdalanýarlar.
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: Aşgabat ş., 2023-nji (M.Kösäýew) köçe, 90; tel.: 36-96-73, 36-93-82.