«Açyk gapylar» çäresi geçirildi
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw
mekdebinde, 2026-njy ýylyň
7-8-nji maýynda, 2026-njy ýylynda
mekdebi tamamlaýan uçurumlar we okuwa
girmek isleýänler üçin «Açyk gapylar» günleri geçirildi.
«Açyk gapylar» çäresine
gelen
ýaşlara mekdepde taýýarlanylýan
hünärler, alnyp
barylýan işler, talyplaryň gyzykly durmuşy barada giňişleýin
gürrüň
edildi, okuw otaglary bilen
hem tanyşdyryldy.
Dalaşgärler öz gezeginde lukmançylyk mekdebinde
okadylýan ugurlar boýunça taýarlanýan hünärmenler, olaryň geljekde işlemeli
ýerleri, kärleri bilen jikme-jik gyzyklandylar. Ähli maglumatlar suratlar we
wideo görnüşinde hödürlendi we sergi gurnaldy.