“Zyýanly endiklerden saplanmak – ruhy belentlikdir” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi
Berkarar döwletimiziň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan - bedew
batly at-myradyň mekany” ýylynyň 1-nji maýynda I.Gandi adyndaky Aşgabat
lukmançylyk orta okuw mekdebiniň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan talyp
ýaşlary jemgyýetde sagdyn durmuş ýörelgelerine ugrukdyrmak boýunça wagyz-nesihat
çäresi geçirildi.
Çykyşlarda Garaşsyz hemişelik baky Bitarap
Türkmenistanyň sagdyn ýaşaýyş ýörelgelerini berjaý etmekde dünýäde nusgalyk döwletleriň
hataryndadygy, jemgyýetde zyýanly endiklere garşy barlyşyksyz göreşmek, sagdyn
bedenli, sagdyn ruhly ýaşlary terbiýeläp ýetişdirmekde Gahryman Arkadagymyzyň
we hormatly Prezidentimiz, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet syýasatlarynyň
esasy ugurlaryna gönükdirildi we lukmançylyk mekdebiniň talyplarynyň sagdyn
ruhly, bilimli-ylymly, watansöýüji we
zähmetsöýer häsiýetlilige mynasyp bolup ýetişmeklerine degerli maslahatlary bermek bilen jemlenildi.
Döwletimiziň
iň gymmatly baýlygy bolan ynsan saglygyny goramakda, sagdyn durmuş ýörelgesini
durmuşa ornaşdyrmakda, ýurdumyzyň saglygy goraýyş ulgamyny dünýäniň ösen döwletleriniň
derejesine çykarmakda uly işleri durmuşa geçirýän Gahryman Arkadagymyza we
Arkadagly Gahryman Serdarymyza hoşallyk sözleri aýdyldy.