Wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe, “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany”
ýylynyň 16-njy martynda I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw
mekdebinde talyp ýaşlaryň arasynda Konstitusiýany, kanunlary düşündirmek, adam
söwdasy, bilkastlaýyn adam öldürmek, agyr ten şikesini ýetirmek, neşe
serişdeleriniň bikanun dolanyşygy we beýleki jenaýatlara garşy göreşmek, öz
janyňa kast etmek ýaly hereketleriň, nika bozulmalarynyň öňüniň alynmagy,
tebigaty goramak, telekeçilik işi baradaky kanunlary, tertip-düzgüni berjaý
etmek, ýurdumyzda durmuşa geçirilýän döwlet syýasaty barada hem-de kanun
bozulmalaryň öňüni almak, ýol hereketiniň kadalaryny, ýaramaz endikleriň
täsirleri, hadysalaryň netijeleri, jenaýatçylygyň alamatyny, ýangyn howply
ýagdaýlaryň döremek howpuny, sagdyn durmuş we milli ahlak ýörelgelerini
düşündirmek maksady bilen wagyz-nesihat duşuşygy
geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenler, ýaş nesillerde watansöýüjilik, mertlik,
edermenlik, arassa ahlaklylyk, millilik ýaly ajaýyp häsiýetleri terbiýelemek,
ýaramaz, zyýanly endiklerden daşda durmak, jemgyýetçilik ýerlerinde özüňi alyp
barmagyň kada-kanunlaryny, ýol hereketiniň düzgünlerini doly we dogry berjaý
etmekligiň şertlerini giňişleýn bellediler.
Wagyz-nesihat
duşuşygynyň ahyrynda çärä gatnaşanlar tarapyndan ýaşlara okamaga, öwrenmäge,
zähmet çekmäge ähli mümkinçilikleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli
Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize Arkadagly Gahryman Serdarymyza
alkyş sözleri aýdyldy.