Halkara zenanlar güni mynasybetli pul sowgady gowşuryldy.




       “Garaşsyz
baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly  at-myradyň
mekany” ýylynda, “Halkara zenanlar güni mynasybetli ýurdumyzyň aýal-gyzlaryna
pul sowgatlaryny bermek hakynda” Türkmenistanyň  Prezidentiniň   
2026-njy ýylyň 20-nji
fewralynda çykaran PB-1596 belgili  buýrugy
esasynda, I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta  okuw  mekdebinde,
2026-njy ýylyň 4-nji martynda zenan  mugallymlara
we talyp gelin-gyzlara pul sowgatlaryny gowşurmak dabarasy geçirildi.



    
Baýramçylyk  çäresine  gatnaşyjylar ýurdumyzyň ýaşlarynyň giň
gerimli bilim almaklary we kämil hünärmenler bolup ýetişmekleri üçin döredilýän
mümkinçilikleri, şeýle-de ýaş nesle berilýän uly goldawlary üçin türkmen  halkynyň 
Milli  Lideri  Gahryman 
Arkadagymyza, Arkadagly  Gahryman 
Serdarymyza ýürek seslenmelerini beýan etdiler.



 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82