2025-2026-njy okuw ýylynyň ikinji ýarymýyllygynyň ilkinji okuw sapagy




 



    “Garaşsyz,
Baky  bitarap  Türkmenistan – Bedew  batly At – myradyň  mekany” 
diýilip  yglan  edilen 
2026-njy  ýylda  ösüp 
gelýän  ýaş  nesli  Watanyna 
çäksiz  buýsanç,  söýgi 
we  hormat  goýmak 
ruhunda  terbiýelemek, babatda 2025-2026-njy  okuw 
ýylynyň  ikinji  ýarymýyllygy 
guramaçylykly  başlandy.  Berkarar 
döwletiň  täze  eýýamynyň 
Galkynyşy  döwründe   Hormatly Gahryman Prezidentimiziň bilim  we saglygy  goraýyş 
ulgamlaryny  özgertmek  we 
ösdürmek  ugrunda  alyp 
barýan  döwlet  syýasatyny 
wagyz-nesihat  etmek  maksady 
bilen,  I.Gandi  adyndaky 
Aşgabat  lukmançylyk  orta 
okuw  mekdebiniň  mugallymlary 
we  talyp  ýaşlary “Garaşsyz, Baky  bitarap 
Türkmenistan – Bedew  batly At –
myradyň  mekany” ady  bilen, 
ikinji  ýarymýyllygynyň  ilkinji 
okuw  sapagyny  geçdiler. 



     Bu  syýasy 
ähmiýetli sapagynyň 
dowamynda  Gahryman  Arkadagymyzyň 
howandarlygynda we  Arkadagly  Gahryman 
Serdarymyzyň   baştutanlygynda döwletimizde  milli 
bilim  ulgamyny ösdürmek,  döwrebaplaşdyrmak  babatda 
edilýän  ähli  tagallalary 
barada  aýratyn  bellenildi. Gahryman  Arkadagymyzyň 
we  Arkadagly  Gahryman 
Serdarymyzyň  paýhasyndan  kemal 
tapan  ylmy-ensiklopedik  eserleri, 
filosofik  kitaplary, syýasy  ýörelgeleri  içgin 
beýan  edildi,  pedagogik 
we  terbiýçilik  ugrunda milli 
mirasymyzyň  tükeniksiz  hazynasy 
bolýandyklary  barada  uly 
buýsanç  bilen  beýan edildi.



     Ýaşlary 
edep- ekramly, ruhy  taýdan
taplanan  bolup  ýetişmekleri, 
bilim  almaklary, geljeki  hünärine 
höwesli, Watanyna we 
Prezidentine,  Gahryman
Arkadagymyza wepaly bolmaklary,   
ýurdumyzyň  bähbidi üçin  tutanýerli 
zähmet  çekip,  abraýyny 
belentliklere  ýetirmek  ugrunda alnyp  barylmaly 
işlerde mugallymlaryň  örän  möhüm  ornunyň  bardygy 
barada  aýdyldy.



     Gahryman 
Prezidentimize we Gahryman 
Arkadagymyza  çäksiz  sagbolsunlar 
aýdyldy,  olara  berk 
jan  saglyk,  uzak 
ömür,  tükeniksiz  bagtyýarlyk 
we  işlerinde  rowaçlyk 
arzuw  edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82