Ýurdumyzyň lukmançylyk orta hünär okuw mekdepleriniň okuw-usuly seminary geçirildi




 Türkmenistanyň Prezidenti Serdar
Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy
döwründe ýurdymyzda bilim ulgamyny ösdürmek, halkara hyzmatdaşlygyny
kämilleşdirmek we öňdebaryjy okuw jaýlary bilen tejribe alyşmak babatda uly işler
amala aşyrylýar. “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly  at - myradyň 
mekany”  ýylynyň ilkinji
günlerinde, 2026-njy ýylyň 24-nji ýanwarynda Türkmenistanyň SG we DS
ministrligiň  görkezmesi boýunça, I.Gandi
adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat şäherleriniň
we welaýatlarynyň lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň wekilleriniň gatnaşmagynda
okuw-usuly maslahaty geçirildi.



    Gahryman Arkadagly Serdar  Prezidentimiziň Türkmenistanyň orta hünär bilim edaralarynda döwrebap bilimli
hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, dünýäniň bilim
giňişligine işjeň goşulyşmak  bilen  ýurdumyzyň 
orta hünär  okuw mekdepleriniň
daşary ýurt döwletleriniň orta hünär 
okuw mekdepleri  bilen  hyzmatdaşlyk etmek  tejribesi,
I.Gandi adyndaky
Aşgabat  lukmançylyk orta okuw  mekdebi 
bilen Northwest kollejiniň (ABŞ) arasynda  özara düşünişmek hakynda  Ähtnamanyň wezipelerini ýerine  ýetirmegi bilen baglylykda, Türkmenistanyň
lukmançylyk orta okuw mekdepleriniň mugallymlaryny onlaýn maslahatlaryna
gatnaşdyrmak barada maslahatlaşyldy.                                                                                                                     
   



       “Saglyk” döwlet maksatnamanyň wezipelerini
ýerine ýetirmek babatda, idege mätäç adamlara hyzmat etmekde “Umumy ideg işi”
hünäri boýunça lukmançylyk orta 
okuw  mekdeplerinde başlangyç
hünär  bilimli   “Kiçi 
şepagat  uýalaryny” taýýarlamak
ugrunda alnyp barylýan işler barada Balkan lukmançylyk  mekdebiniň 
mugallymy içgin gürrüň berdi, toplan 
tejribesi bilen paýlaşdy we bu hünärmenlere zerurlygyň bardygyny belledi
.



       Ýewropa 
Bileleşiginiň  Ýewropa  Bilim 
gaznasynyň  DARÝA taslamasynyň  çäginde, SCAFFOLD  usulyýetini 
ulanmak arkaly okatmak  boýunça I.Gandi
adyndaky Aşgabat  lukmançylyk orta
okuw  mekdebiniň “trener” sertifikatly mugallymlary
prezentasiýalary bilen çykyş etdiler. Şeýle-de gün tertibinde: mugallymlaryň  ýerine 
ýetirýän   işleriniň  reýting bahalandyrmasyna goşmaça  teklipleri 
bermek; lukmançylyk orta okuw mekdepleri üçin okuw kitaplary we okuw
gollanmalary  taýýarlamak; “Şepagatçylyk
işi” dersini  okatmakda  imitasion usulynyň we  situasion meseleleriň ulanylyşyny görkezmek; talyplaryň
önümçilik we diplomdan öňki tejribeligini guramak, we dünýä standartlaryna
laýyklykda kämilleşdirmek barada meselelere seredildi we degişli teklipler hödürlenildi.



 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82