Okuw-usuly Geňeşiniň mejlisi geçirildi

 Berkarar  döwletiň  täze 
eýýamynyň  Galkynyşy  döwründe “Garaşsyz, baky  Bitarap 
Türkmenistan – bedew batly 
at  myradyň  mekany” 
ýylynda,  Hormatly  Prezidentimiz,  Arkadagly 
Gahryman  Serdarmyzyň  ýolbaşçylygynda  ýurdymyzda 
giň  gerimli  bilim 
özgertmeler  durmuşa  geçirilýär. 2026-njy ýylyň 23-nji ýanwarynda
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde Arkadag, Aşgabat
şäherleriniň we Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň jemgyýetçilik
başlangyçlary esasynda döredilen okuw – usuly Geňeşiniň nobatdaky mejlisi
geçirildi. “Türkmenistanyň orta hünär bilim edaralarynda döwrebap
bilimli hünärmenleri taýýarlamakda halkara hyzmatdaşlygyny giňeltmek, dünýäniň
bilim giňişligine işjeň goşulyşmak  bilen
 ýurdumyzyň  orta hünär 
okuw mekdepleriniň daşary ýurt döwletleriniň orta hünär  okuw mekdepleri  hem-de  beýleki  bilim  edaralary
 bilen  hyzmatdaşlyk etmek  tejribesi 
barada  pikir  alyşyldy.  



       “Türkmenistanyň  ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň okuw
toparynyň ýolbaşçylary hakynda Düzgünnamany tassyklamak hakynda” TBM № 194
belgili  buýrugy”
 we  “Okatmagyň  täze 
innowasion  usulyýetini
ýurdumyzyň  bilim edaralarynyň
mugallymlaryna öwretmek we usulyýeti 
synagdan  geçirmek” hakyndaky TBM
№ 190 belgili buýrugy  içgin  beýan 
edildi.



       Ýewropa
Bileleşiginiň  Ýewropa okuw gaznasynyň
“Merkezi Aziýada ukyply  ýaşlar üçin
dialog we hereket” (DARYA)  atly  taslamasy boýunça hyzmatdaşlygyň çäklerinde,
Ýewropa okuw gaznasy hem-de Ýewropa komissiýasynyň Birleşen gözlegler merkezi
tarapyndan işlenip taýýarlanan okatmagyň we öwrenmegiň  “SCAFFOLD”  usulyýetini
 Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebinde,
I.Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebinde we
Aşgabat şäherindäki
syýahatçylyk orta  hünär  okuw  
mekdebinde
 ornaşdyrylyşynyň  tejribesi  barada 
degişli  okuwlary  geçip, 
sertifikat  alan  we 
trenerlik  derejesi  berlen 
mugallymlar  gyzykly  prezentasiýalary  bilen 
çykyş  etdiler.



      Mejlis 
täsirli,  çekeleşikli,  sorag – jogap 
alşylyp  geçdi  we 
teklipler  hödürlendi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat şäheri., 2023-nji (Mäti Kösýew) köç. 90-njy jaýy
Ashgabat city, 2023 (Mati Kosayev) street, 90
г. Ашхабад, ул. 2023 (Мяти Косаева), 90

Telefon belgiler:
36-96-73, 36-93-82