BITARAPLYK MUZEÝINE SYÝAHAT
Geçen hepde talyplar bilen bilelikde Bitaraplyk binasynda ýerleşýän muzeýa
gezelenje gitdik. Bu muzeý ýurdumyzda Bitaraplyk
statusyny, taryhy we medeni mirasymyzy beýan edýän gymmatly ekspanatlar bilen
bezelen we her bir zaly taryhy möhüm döwrüne degişli maglumatlar bilen doldurylypdyr.
Muzeyde bizi mähirli ýüzleri bilen garşy
alyp , ähli bölümleri barada ginişleýin gürrüň berdiler. Bu muzeýda
Bitaraplygymyzy alan günümizden tä häzirki günlere çenli suratlar, dürli
heýkeller, eksponatlar ýerleşen.
Türkmenistanyň hemişelik bitaraplygynyň
taryhy bölüminde 1995-nji ýylda BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik
bitaraplygynyň ykrar edilişi, şol döwre degişli resminamalar we taryhy
maglumatlar görkezilen.
Bitaraplyk syýasaty we halkara hyzmatdaşlyk bölümi Türkmenistanyň halkara
guramalar bilen alyp barylýan hyzmatdaşlygyna bagyşlanan. Parahatçylyk
başlangyçlary, bitaraplygyň döwlet ösüşindäki orny, bitaraplyk syýasatynyň ykdysady, durmuş we medeni ösüşe ýetirýän
täsiri baradaky bölüminde giňişleýin beýan edilýär.
Parahatçylyk we ynsanperwerlik işleri
bölüminde Türkmenistanyň ynsanperwer kömekleri we parahatçylyk söýüjilikli
syýasaty barada maglumatlar ýerleşdirilen. Bitaraplygyň ýaş nesiller üçin
ähmiýeti bölüminde ýaş nesilleriň watançylyk ruhunda terbiýelenmeginde bitaraplygyň
ornuna bagyşlanan.
Medeni syýahat
talyplar üçin örän täsirli boldy. Olaryň göz ýetimlerini, aň düşünjelerini, dünýägaraýyşlaryny
taryhy milli gymmatlyklaryny aýtmagy babatda, bilim derejelerini we watançylyk duýgularyny artdyrdylar.