Esasy maglumatlar
Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi (mundan beýläk – lukmançylyk mekdebi).
Taryhy maglumatlar
Lukmançylyk mekdebi 1978-nji ýylda Aşgabat şäheriniň lukmançylyk uçilişşesi diýen ady bilen döredildi, 1984-nji ýylyň 30-njy noýabrynda oňa Indira Gandiniň ady dakyldy. 2003-nji ýylyň 7-nji iýulyndan bäri onuň ady özgerdilip, Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi diýip üýtgedildi.
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň salgysy: 744000, Aşgabat, 2023-nji (Mäti Kösäýew) köçesi, 90.
Telefon belgisi: 36 – 96 – 73
Halkara ady: Indira Gandhi secondary medical school of Ashgabat
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň wezipesi
Hormatly Prezidentimiziň “Saglyk” Döwlet maksatnamasyndan ugur alyp, Türkmenistanyň saglygy goraýyş ulgamynyň edaralary üçin durmuşda işjeň garaýyşly, zähmet bazarynyň zerurlyklarynyň barha artmagyna mahsus şertlerde üstünlikli we netijeli işlemäge ukyply, öz kärine ussat hünärmenleri taýarlamak.
Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebiniň baş ýörelgesi
“Bilim hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunyna, Türkmenistanyň orta hünärmen bilim edarasy baradaky umumy düzgünnama esaslanýar.
Strategiýa
Şahsyýeti intellektual, döredijilik we hünär taýdan kämilleşdirmek hem-de onyň zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, hünärine ökde bäsdeşlige ukyply, ahlak taýdan terbiýelenen, gymmatlyklar baradaky möhüm ýörelgelerden baş çykarýan, amaly işlerde tejribe toplan, umumy we hünäre degişli başarnyklary edinen, hünäri boýunça netijeli işlemäge ukyply belli bir ugra degişli hünärmenleri taýýarlamak.
Lukmançylyk mekdebiň işiniň esasy ugurlary
- Tälim alýanlaryň hünär we degişli kwalifikasiýany edinmegini üpjün etmek;
- Okatmak boýunça tejribe toplanmagyna gönükdirilen döwrebap çemeleşmäniň çygrynda bilim bermegiň we terbiýelemegiň konsepsiýasyny ösdürmek;
- Şahsyýetiň hünär boýunça kemala gelmek hem-de intellektual, medeni we ahlak taýdan kämilleşmek boýunça zerurlyklaryny kanagatlandyrmak;
- Okaýanlarda raýatlyk garaýyşlary we zähmetsöýerligi kemala getirmek, jogapkärçilik duýgusyny, özbaşdaklygyny, bäsdeşlige ukyplylygyny, sosial taýdan ykjamlygyny we döredijilikli işjeňligini kämilleşdirmek;
- Döwürüň talaplaryna laýyklykda, mekdebiň okuw-usuly we maddy binýadyny ösdürmek;
- Jemgyýetiň lukmançylyk boýunça orta bilimli hünärmenler baradaky hajatlaryny kanagatlandyrmak.
Bilim bermek işiniň kadalaşdyryjy we guramaçylyk-hukuk taýdan üpjünçiligi
Bilim bermek işi aşakda görkezilen kadalaşdyryjy we guramaçylyk-dolandyryş resminamalary esasynda amala aşyrylýar:
- Lukmançylyk mekdebiniň Tertipnamasy;
- Lukmançylyk mekdebiň işiniň esasy ugurlaryny düzgünleşdirýän içerki we ýerli kadalaşdyryjy namalar.
Mekdepde bilim bermek işi Türkmenistanyň bilim ulgamynda hereket edýän kanunçylygyna laýyk gelýän kadalaşdyryjy we guramaçylyk-dolandyryş resminamalary esasynda amala aşyrylýar.
Dolandyryşyň gurluşy we ulgamy.
Lukmançylyk mekdebi dolandyryşy bir adamyň dolandyrmagyny, kollegiallygy we öz-özüňi dolandyryşy utgaşdyrmagyň ýörelgesine esaslanmak arkaly amala aşyrylýar. Direktor mekdebiň ýolbaşçysy bolup durýar we ol esaslandyryja - Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligine tabyn bolýar.
Işgärleriň sanawyna laýyklykda direktoryň tabynlygynda: okuw bölümi, önümçilik - amaly bölümi, orta saglygy goraýyş we dermançylyk işgärleriniň hünär kämilleşdiriş bölümi, buhgalteriýa, işgärler bölümi, kitaphana hereket edýär.
Mekdepde Mugallymlar geňeşi we umumy ýygnagy hereket edýär.
Terbiýeçilik işi
Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda, berk bedenli, sagdyn we ruhubelent ýaşlaryň häzirki döwrüň talaplaryna laýyk terbiýelenmeginde köpçülikleýin bedenterbiýe we sport çärelerine aýratyn üns berilýär. Mekdepdäki terbiýeçilik işi talyplaryň işde gyzyklanma bildirýän ähli ugurlaryny we zerurlyklary göz öňünde tutmak arkaly, orta hünär bilimine degişli talaplaryna laýyklykda durnukly ýagdaýda amala aşyrylýar. Terbiýeçilik işi talyplaryň ýaşaýyş we iş boýunça sosial taýdan oňyn gurşawyny döretmek ugrunda berjaý edilýär. Okuw ýylyň dowamynda geçiriljek çäreleriň meýilnamasy terbiýeçilik işiniň maksatlaryna we wezipelerine esaslanmak arkaly işlenip düzülýär.
Talyplary terbiýelemek işiniň maksady - okaýanlaryň intellektual, döredijilik, şahsy häsiýetleriniň ösdürilmegine, olaryň jemgyýetdäki mynasyp ornuny eýelemegine we uýgunlaşmagyna ýardam berýän şertleri döretmekden ybaratdyr. Terbiýeçilik ulgamynda göwnejaý işleýän hünärmeni terbiýeläp ýetişdirmek bilen çäklenmän, raýatyň ileri tutýan, ahlak, medeni gymmatlyklaryna esaslanmak arkaly, şahsyýetiň häsiýetlerini kämilleşdirmek, durmuşda işjeň ýörelgä eýerilmegini gazanmak, döredijilikli başarnyklaryny äşgär etmek, öz-özüni dolandyryşa we topar bolup işlemegine degişli endiklerini gazanmagyny göz öňünde tutulmaly.
Hünäre ugrukdyrmak işi
Hünäre ugrukdyrmak işleri mekdebiň mugallymlary tarapyndan umumy bilim berýän mekdepleriň uçurumlarynyň arasynda işjeň alnyp barylýar.
Hünär boýunça ugrukdyrmak işleri tassyklanan meýilnama laýyklykda amala aşyrylýar. Geçirilýän çäreler ýetginjekleri durmuşda wajyp ähmiýetli hünärleri saýlap almagynyň delillendirilmegine gönükdirilendir.