I. Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi resmi web sahypasyna hoş gelniňiz

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň I. Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebi (mundan beýläk – lukmançylyk mekdebi).

DSC_0279
DSC_0283
DSC_0274
DSC_9522
DSC_6005

Taryhy maglumatlar

Lukmançylyk mekdebi 1978-nji ýylda Aşgabat şäheriniň lukmançylyk uçilişşesi diýen at bilen döredildi, 1984-nji ýylyň 30-njy noýabrynda oňa Indira Gandiniň ady dakyldy. 2003-nji ýylyň 7-nji iýulyndan bäri onuň ady özgerdilip, I. Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta okuw mekdebine öwrüldi. ​

Lukmançylyk mekdebiň işiniň esasy ugurlary.

Tälim alýanlaryň hünär we degişli kwalifikasiýany edinmegini üpjün etmek;

Okatmak boýunça tejribe toplanmagyna gönükdirilen döwrebap çemeleşmäniň çygrynda bilim bermegiň we terbiýelemegiň konsepsiýasyny ösdürmek;

Şahsyýetiň hünär boýunça kemala gelmek hem-de intellektual, medeni we ahlak taýdan kämilleşmek boýunça zerurlyklaryny kanagatlandyrmak;

Okaýanlarda raýatlyk garaýyşlary we zähmetsöýerligi kemala getirmek, jogapkärçilik duýgusyny, özbaşdaklygyny, bäsdeşlige ukyplylygyny, sosial taýdan ykjamlygyny we döredijilikli işjeňligini kämilleşdirmek;

Döwürüň talaplaryna laýyklykda, mekdebiň okuw-usuly we maddy binýadyny ösdürmek;

Jemgyýetiň lukmançylyk boýunça orta bilimli hünärmenler baradaky hajatlaryny kanagatlandyrmak.

Ylmy-barlag işleri.

Lukmançylyk mekdebimizde “Ýaş alymlaryň geňeşi” hereket edýär. Talyplarymyzyň ylmy – barlag işleri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ylmy monografiýalarynyň, olaryň içinde baş orunda durýan “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jilitli ensiklopedik kitaplary esasynda ýerine ýetirilýär. Iň oňat ylmy-barlag işleri bilen döwlet bäsleşiklere gatnaşylýar, ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň ylmy-amaly we halkara konferensiýalarda çykyş edilýär.

Strategiýa.

     Şahsyýeti intellektual, döredijilik we hünär taýdan kämilleşdirmek hem-de onyň zerurlyklaryny we isleglerini kanagatlandyrmak maksady bilen, hünärine ökde bäsdeşlige ukyply, ahlak taýdan terbiýelenen, gymmatlyklar baradaky möhüm ýörelgelerden baş çykarýan, amaly işlerde tejribe toplan, umumy we hünäre degişli başarnyklary edinen, hünäri boýunça netijeli işlemäge ukyply belli  bir  ugra  degişli  hünärmenleri taýýarlamak.

Адресс: 744000, Aşgabat, 2023-nji (Mäti Kösäýew) köçesi, 90

TELEFON: +993 36 96 73

EMAIL: igandiashgabat@gmail.com